“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri bereketli türkmen topragynda gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşlerini ekip, ýokary hasyly ýetişdirdiler. Ata-babalarymyz “Zeri ýokdan zergär bolmaz, ýeri ýokdan daýhan bolmaz diýip aýdyp geçipdirler. Taryhyň dürli döwürlerinde şöhratly türkmen halky ýere seretmeklige we ondan bol hasyl almaklyga, zähmetini gaýgyrman daýhançylyk etmeklige üns beripdir. Bu häsiýetler halkymyzyň milliliginde bar. Berekede beslenen “ak altynly” pellerde pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň janypkeş babadaýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen berjaý etdiler. Hasyl ussatlarynyň bu şanly ýylda gazanan nobatdaky üstünligi olaryň ýylboýy topraga eden yhlasynyň ýerine düşendiginiň dabaralanmasydyr. Şol bir wagtyň özünde pagtasy doly ýygnalan meýdanlarda aralyk ekinleri ekmek üçin ýerleri taýýarlamak işleri hem geçirilýär. Welaýatymyzyň, etraplarymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolsa, möwsümiň ilkinji günlerinden pagtaçylaryň arasynda höweslendiriş çärelerini gurap, öňdebaryjy kärendeçileri, ýygymçylary, mehanizatorlary hem-de awtoulag sürüjilerini yzygiderli ýüze çykaryp, olary höweslendirdiler. Munuň özi pagta ýygymynyň depgininiň ýokarlanmagynda örän ähmiýetli boldy.