«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy. Žurnal milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy doktrinasynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary barada gürrüň bermek bilen, halkara bileleşigiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň öňünde durýan belent maksatlara hem-de möhüm wezipelere oňat düşünmegine ýardam edýär. Neşiriň sahypalarynda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda hormatly Prezidentimiziň halkara syýasy işjeňligine aýratyn orun berilýär.