«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edara – Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi. Bilelikdäki mejlis täze açylyp ulanylmaga berlen Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynda geçirildi. Mejlisde guramaçylyk meselelerine garaldy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň öňündäki wezipeleriň ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly işlejekdigine ynam bildirdi.