«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde «Röwşen — Rahym» daýhan hojalygy tarapyndan döwrebap guşçulyk we ýyladyşhana toplumlarynyň işi ýokary talaplara laýyklykda ýola goýlupdyr. 2019-njy ýylyň ýazynda dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilen ýyladyşhana toplumynda ilkibaşda pomidoryň altynaý, aramo, moda ýaly görnüşleri ýetişdirilip başlandy. Toplumyň işçi-hünärmenleriniň tagallasy bilen ol ýerde pomidoryň agzalan görnüşleriniň bol hasyly ýetişdirilip, terligine ilata ýetirildi. Wagtyň geçmegi bilen, ýyladyşhana toplumynda pomidoryň başga-da birnäçe görnüşi synag edildi. Şoňa görä-de, üstümizdäki möwsümde ýyladyşhana toplumynda, esasan-da, pomidoryň tagamlylygy, ýokumlylygy we hasyllylygy bilen tapawutlanýan marwelans görnüşi ýetişdirildi. Umumy 5 gektar meýdany tutýan ýyladyşhana toplumynyň 3,5 gektarynda pomidor ýetişdirilýär. Dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň enjamlaryndan, iň kämil innowatiw tilsimatlaryndan peýdalanyp gurnalan döwrebap ýyladyşhanada meýdany 720 inedördül metr bolan şitilhana ýerleşýär. Ýyladyşhana toplumynyň zerurlygy üçin gerekli şitiller şol ýerde ýetişdirilýär. Ýyladyşhana şertlerinde pomidor ýetişdirýän beýleki telekeçileri şitil bilen ýeterlik möçberde üpjün etmäge mümkinçilikler hem bar. Ýyladyşhananyň howa ulgamynyň, ýagny çyglylygynyň, kömürturşy gazynyň we ýagtylygynyň ýörite gurnalan akylly kämil tilsimatlar arkaly sazlanmagy dürli gök we bakja önümleriniň bol-bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döredýär. Şeýle bolansoň, üstümizdäki möwsümde şitilhananyň bellibir böleginde ilkinji gezek hyýar, gawundyr garpyz şitillerini ýetişdirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda şol şitiller kadaly boý alýar. Mundan başga-da, ýyladyşhanada ýokuma baý dürli gök otlaryň ýetişdirilmegine ähmiýet berilýär. *** Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň her biri geçen ýylda tebigy gaz, gaz kondensatyny çykarmakda guwandyryjy görkezijilere eýe boldular. Müdirligiň gaz çykaryjylary geçen ýyl gaz we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Olar şanly ýylda ýerasty guýularyň abatlaýyş işlerine hem aýratyn ähmiýet berdiler. Bu bolsa, guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Şu ýyl guýularyň 30-synda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň täze gorlarynyň işe girizilmegini ýola goýmak arkaly «Zäkli derweze», «Çemmerli» gaz ýataklarynda iki guýyny, «Toparjulba» gaz käninde üç guýyny önümçilige goýbermek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýylyň ilkinji günlerinden başlap müdirligiň gazçylary ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekmek arkaly, özleriniň iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar. Gazçylaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan meýilnamalaýyn çäreler bolsa, olaryň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.