Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan, raýatlaryň bähbitlerine, demokratiýanyň kämilleşmegine, halk häkimiýetiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen konstitusion özgertmeler jemgyýetiň syýasy ulgamynyň özgermegi hem-de milli parlamentiň ösüşi üçin zerur şertleri üpjün edýär. Iki palataly parlamentiň döredilmegi bilen, kabul edilýän kanunlaryň hiliniň hem-de kanunçylyk namalaryny kabul etmekde syýasy partiýalaryň ornunyň has-da ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikler döreýär. Türkmenistanyň ösen syýasy ulgamly, özygtyýarly döwlet hökmündäki abraýy barha belende göterilýär.