Gurluşyk pudagyň belent depgini

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan strategik durmuş-ykdysady wezipeleri çözmek Türkmenistanyň gurluşyk, elektrik energetikasy, himiýa senagaty, gurluşyk önümçiligi we senagat ulgamynyň işiniň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiz ýurdumyzda ykdysadyýetiň bu ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Olara ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulmagy, pudaklaryň netijeli işlemegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa tutuş halk hojalygynyň okgunly we sazlaşykly ösmegine ýardam edýär. Gurluşyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň dowamynda gurlup, ulanylmaga berlen dürli maksatly desgalar milli Liderimiziň döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr. Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine, örän baý tebigy serişdeleriň doly derejede peýdalanylmagyna, sebitleriň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilen ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde maýa goýum-gurluşyk toplumyna ähmiýetli orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurulýar, häzirki zaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär, giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen taryhy mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak maksady bilen, ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki toplumlary bilen birlikde gurluşyk ulgamynda hem döredijilikli işler alnyp barylýar. 2018-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etrabynda täze senagat toplumlarynyň düýbüni tutmak dabarasy guralypdy. Bu desgalar “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” hem-de eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Bu täze senagat toplumlary döwlet baştutanymyz kararyna laýyklykda, egirme, dokma, boýag we tikin önümçiligini öz içine aljak Kaka etrabyndaky dokma toplumy ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny, ondan “kompakt-penýe” belgili nah ýüplügiň 3 müň 650 tonnasyny öndürmäge niýetlenen önümçiligi, 10 million inedördül metr matany hem-de 1 million 200 müň taýýar önümi öndürmäge niýetlenen önümçilik bölümlerini öz içine alýar. Şeýle-de Babadaýhan etrap dokma toplumyna degişli boljak önümçilik kuwwatlylygy bir ýylda 3 müň 300 tonna kompakt penýe (tüýsüz) görnüşli inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr ýokary hilli matalary öndürýän, şol sanda 18 million inedördül metr boýalan matany hem-de 3 million 500 müň sany tikin önümini öndürýän önümçilik bölümlerini bellesek bolar. Bu Dokma toplumlaryň gurluşyklary milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy, bu ýerde pudagy giň möçberde diwersifikasiýalaşdyrmak, sebitleri senagat taýdan ösdürmek, bar bolan çig-maly has düýpli gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Nobatdaky iri ýokary tehnologiýaly dokma kärhanasyny gurmak “Cotam Enterprises Ltd.” türk kompaniýasyna ynanyldy, bu kompaniýa bilen pudagyň desgalaryny gurmakda netijeli hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi toplanyldy. Gurluşyk toplumlaryny 2021-nji ýylda ulanmaga bermek bellenildi. Bu pudak ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän ýokary tehnologiýaly ýetmiş kärhanany öz içine alýar hem-de Türkmenistanda köp mukdarda öndürilýän pagtanyň — gymmatly çig malyň zerur serişdelerine eýedir. Bu pudaga gönükdirilýän uly döwlet maýa goýum serişdeleri, kärhanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde, daşary ýurtlarda öndürilýän harytlar bilen mynasyp bäsdeşlik edýän ýokary hilli önümleriň ýurdumyzda çykarylýan görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Merkezi Aziýada iň iri toplumlar pudagyň önümçilik binýadynyň esasyny düzýär, Kaka hem-de Babadaýhan etrabyndaky geljekki dokma toplumlary şolaryň sanawyna goşular.