10-njy maýda Babadaýhan etrabynda täze döwrebap senagat toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy, ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde, şeýle hem eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina edildi. Geljekki dokma kärhanasynyň taslamasy pagta süýümini gaýtadan işlemek tapgyryndan başlap, ahyrky önümini öndürmäge çenli tehnologik işleriň tutuş toplumyny gurmagy göz öňünde tutýar hem-de egriji, dokma, boýag we tikin bölümlerini özünde jemleýär. Bu çözgüt pudaklary giň möçberde diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitleri senagat taýdan ösdürmäge, ýerli tebigy serişdeleri has doly peýdalanmaga gönükdirilen milli ykdysadyýetimizň ösüş strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolar.