«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

”Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzyň birnäçe obalarynda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan alnyp barylýar.