«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça, Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek maksady bilen, Kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak we onuň ähmiýetini ýaşlara giňden düşündirmek maksady bilen Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgüniň foýesinde öňde baryjy ýaşlarymyzyň arasynda tegelek stolyň başynda aýdym-sazly duşuşyk dabarasy geçirildi.