«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşi we etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça, Milli Liderimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýan sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Tejen etrap Hassahanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň saglyk syýasaty – raýatlaryň baky bagty» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.