«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

2021-nji ýylyň aprel aýynyň 09-na Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan Gökdepe etrabynyň 26-njy orta mekdebinde Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasynyň 25-nji punkty boýunça ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, arassa ahlaklylyk, millilik meselelerine bagyşlanan wagyz-nesihat ähmiýetli duşuşyk çäresi geçirildi. Diýseň manyly çykyşlara baý bolan bu wagyz-nesihat ähmiýetli duşuşyk çäresi ýaşlarymyzda diýseň täsir galdyrdy.