«Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2022-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys. 2021-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr «Malym — janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanýar. Merdana halkymyz Täze ýyla aýdyň maksatlar, uly ynam bilen gadam basýar. Mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmeti bilen döwletimiziň kuwwaty barha artýar. Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, yhlasly zähmetimiz bilen 2021-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berildi. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, ulanmaga berildi. Müňlerçe bagtyýar maşgala jaý toýlaryny toýlady. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş we önümçilik maksatly müňlerçe desganyň gurluşygy depginli dowam edýär. Türkmenistan döwletimizde ençeme halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu taslamalaryň netijesinde Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzüminiň emele gelýän möhüm halkasyna öwrülýär. Bu taslamalaryň netijesiniň arkasynda Gahryman Arkadagymyzyň uly egsilmez tagallalary aladalary ýatyr, şunuň ýaly ajaýyp ýurtda ýaşamaga mümkinçilikleri döredip beren Gahryman we mähriban Arkadagymyza hoşallyklarymyzy bildirýäs we şatlanýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak bolsun, il ýurt bähbitli alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäs.