Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şol gurlup ulanmana berilýän desgalaryň biride Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çägindäki döwrebap obada gurulýan 320 orunlyk çagalar bagydyr. Gurulýan çagalar bagy iki gatdan ybarat bolup onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Gurulýan çagalar bagynyň içi giň otagly bolup, onuň giň howlusynda bolsa çagalar üçin oýun meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.