«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Il saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkyň saglygyny goramak üçin häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan saglyk öýleriniň birnäçesini gurup ulanmaga berýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde Saglyk öýüniň gurluşyk işleri uly depginde alnyp barylýar. Gurulýan saglyk öýi 1 gatdan ybarat bolup, näsaglary kabul edip saglygyny dikeltmek üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulan.