USSAT SEÝIS

Ussat seýis Orazmyrat Annalyýewiň döwletli maşgalasy Gökdepe etrabynyň Kärizek ge¬ňeşliginiň Aba Annaýew obasynda ýaşaýar. Ykbalyny atçylyga baglan halypa atşynas indi 20 ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda zähmet çekmek bilen, pudagy ösdürmekde, ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna höwes döretmekde, atlary seýislemekde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Şatlykly wakanyň yzysüre gürrü¬ňi edilýän seýis bilen duşuşmak, onuň ýürek buýsanjyny eşitmek diýseň ýakymly boldy. “Durmuşymda ýatdan çykmajak, örän şatlykly we buýsançly waka bolup geçdi. Behişdi bedewlerimiziň çyn janköýeri milli Liderimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şanly ýylyň ajaýyp gününde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelip, iş we durmuş şertlerimiz, behişdi bedewleri idetmek, seýislemek boýunça alyp barýan işlerimiz bilen gyzyklandy. Bu pursat meni juda tolgundyrdy. Arkadag Prezidentimize täze dünýä inen taýçanak barada gürrüň berdim. Döwlet Baştutanymyzyň meşhur Pere¬ňiň nesil ugruna degişli, Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan taýçanaga Zaman diýip at goýup, boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakmagy, meniň begenjimi goşalandyrdy” Atşynaslaryň obasynda ýaşaýan bu bagtyýar maşgalanyň agzalary ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, tohumçylyk-seçgi işlerini, türkmen milli seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek boýunça taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.