«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Il saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyz, her bir raýatyň saglygyny berkitmek we oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döredip berýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulyp ulanmana berlen “Bagabat” şypahanasy üç gatly binalaryň ikisinden ybarat bolup, olaryň her birinde bir orunlyk otaglaryň 25-si, iki orunlyk otaglaryň 35-si hem-de lýuks otaglarynyň 5-si halka hyzmat edýär. Şypahanada raýatlaryň saglyklaryny berkidip oňat dynç almaklary üçin ähli amatly şertler döredilipdir.