Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin, halal zähmet çekip işlemek üçin ähli amatlyklary bolan täze edara binalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde gurulýan Öňaldy Geňeşliginiň Geňeşiniň edara binasy 1 gatdan ybarat bolup, binanyň içinde işlemek üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Binanyň daşky meýdançasyny bolsa owadan baglar, ýaşyl otlar hem-de dürli reňkdäki güller bilen bezemek göz öňünde tutulýar.