«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Hormatly Prezidentimiz halkyny eşretli bolelin durmuşda ýaşatmak üçin uly işler alyp barýar. Halkymyzyň azyk harytlaryny bolelin hem-de elýeterli bahadan almagy üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman döwrebap Söwda merkezleri gurulýar.Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde 2 gatdan ybarat bolan Söwda merkeziniň gurluşyk işleri hem uly depginde alnyp barylýar.Söwda merkeziniň içi iki gatdan ybarat bolup häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp halkyň hyzmatynda bolmagy üçin ähli amatlyklary döretmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýär.