Ata-babalarymyz, ene- mamalarymyz maňlaý deri bilen gazanan çöregini dulundaky desterhanynda bereket, döwlet, gymmatly nygmat höküminde goýupdyrlar. Çünki mukaddes çörek kerem keramat. Dilleri senaly ene - mamalarymyz uzak ýola gidip barýan perzendine çörek berip ,,al balam ýoldaş bolar” diýip yrym-ynanjyna uýupdyrlar. Her gysym topragy altyna barabar Watanymyzda harmanymyz guşgursak bugdaýdan püre-pür bolup, türkmen saçagy bu gün dost-doganyny mele- myssyk çörekli desterhanyna hormat bilen çagyrýar. Adamzat ýaşaýşynyň gymmatly hazynasy gymmatly çöregimiz geljegimiziň ýalkymly çyragydyr. Goý, her bir türkmen maşgalasynyň dulunda gündek çogly çöregimiz bol bolsun. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda, eşretli zamanymyzda desterhanymyzyň bereketi mundan beýlägem döwletli bolup, türkmen çöregi bagtymyzyň bahary bolsun!