«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi, Ahal welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde tassyklamagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýip yglan edilmegi we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek “Aziýanyň merjeni ak şäherim Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY Bäsleşigiň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň: “Çagalar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinden bolmalysyňyz. Bilim-ukybyňyzy, zehiniňi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinde, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary gollamakdan, olaryň ähli taraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 8-11-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. I Bäsleşigiň geçiş tertibi 1. Bäsleşik jemi 2 ugurdan ybarat bolup, onuň 1-nji ugry goşgy ýazmak, Watanymyzyň ösüşini Ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän goşgular. 2-nji ugry surat çekmek ýurdumyzyň ösüşini beýan etmek, “Aziýanyň merjeni ak şäherim Aşgabat” atly temadan. II bäsleşigiň geçiş tertibi we wagty: “Aziýanyň merjeni ak şäherim Aşgabat” atly döredijilik bäsleşigine welaýatymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 8-11-nji synplarynda bilim alýan mekdep okuwçylar Türkmen, Rus, Iňlis dillerinde ýazan goşgulary, çeken suratlary bilen gatnaşyp bilerler. Döredijiligiň ýaş wekilleri bäsleşigiň diňe bir ugry we görnüşi boýunça gatnaşyp başarnyklaryny görkezip bilýärler. Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, goşgular (Iň azyndan üç sany) we suratlar (2 sany) Ahal welaýat Baş bilim müdirligine 2021-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli tabşyrylmalydyr. Bäsleşige hödürlenjek suratlar 50X70 sms ölçegde, daşy ramkalanan we guwaş bilen kompazisiýa görnüşinde çekilen bolmaly. Bäsleşik 2021-nji ýylyň maý aýynyň 19-na çenli jemi jemlener. III Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek we sylaglamak: “Aziýanyň merjeni ak şäherim Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin döredijilik, sungat bäsleşigini yglan eden edara-guramalaryň wekillerinden düzülen eminler topary döredilýär. Eminleriň çykaran netijesi gutarnyklydyr. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary bilen sylaglanarlar. Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 80012-57-43-57