TÜRKMENISTANDA DOSTLUKLY DÖWLETIŇ BAŞTUTANY HATYRALANDY

Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi. Ýurdumyzyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy Arkadagymyz ir bilen Köşidäki metjide geldi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, din wekilleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde uly işleri bitirýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle-de Arkadagymyz her welaýatyň bir etrabynda metjit gurmak boýunça edilýän işler bilen gyzyklandy. Hormatly ýaşulular häzirki döwürde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, ýurdumyzyň abadançylygy, şeýle-de türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hemde Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.