Raýatlaryň saglygy we abadançylygy baradaky alada Milli liderimiziň hemişe özüniň üns merkezinde saklanýar. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda döwrebap şypahanalar, saglyk merkezleri hem-de hassahanalar gurlup ulanmana berilýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň çäginde gurlup ulanmana berlen “Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasy” 3 gatdan ybarat bolup, birbada 200 sany näsagy kabul edip bilýär. Bu hassahanada dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olary bejermek üçin zerur bölümler hem-de barlaghanalar halka hyzmat edýär.