Hormatly Prezidentimiziň oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak hem-de ilaty ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek maksady bilen alyp barýan işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde birnäçe gatly ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde 400 sany 1 gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan alnyp barylýar. Alnyp barylýan gurluşyk işlerini 2021-nji ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.