Gadymy Ahalyň täze keşbi

Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurlup ulanmaga berilýän beýik maksatly taslamalar – durmuş we döwlet ähmiýetli desgalar şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň aýdyň geljegini nazara alýan indiki amala aşyryljak taslamalary öňünden ýörite öz guruljak ýerinde gözden geçirmegi hem-de degişli belliklerini aýtmagy bu ugurda edilýän işleriň hemmetaraplaýyn talabalaýyk bolmalydygy baradaky ýadawsyz tagallalarynyň aýdyň şaýadydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlary bilen Ahal welaýatynda ägirt uly maýa goýum taslamasy, ýagny welaýatyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygy amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak maksady bilen 2019-njy ýylyň 4-nji martyndaky “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” 1160 belgili karary kabul edildi. Karara laýyklykda gurluşygyň birinji tapgyryny 2019-2021-nji ýyllarda, ikinji tapgyryny 2020-2022-nji ýyllarda amala aşyrmaklyk bellenilýär. Şu karara esaslanyp, hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 23-nji awgustyndaky “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda” 1377 belgili kararyna laýyklykda gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň awgust aýynda başlanyldy. Häzirki wagtda gurluşygyň işleri türkmen telekeçileri tarapyndan güýçli depginlerde alnyp barylýar. Guruşyk meýdançasynda edara binalary bilen bir wagtda ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysy gurulýar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasy esasynda “Dowamat”, “Altyn”, “Nur bina gurluşyk”, “Döwlet gurluşyk”, “Çyzgy” hojalyk jemgyýetiniň, “Weli gurluşyk”, “Şadyýan gurluşyk”, “Goňur baş”, “Garadaşly gurluşyk”, “Nur asyr”, “Ajaýyp gurluşyk”, “Nusaý ýollary”, “Gaýratly gala”, “Kat-Türkmen”, “Gujurly binagär” hususy kärhanalarynyň gurmagynda ýedi gatly, 28 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 22-siniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileşmesinuň buýurmasy esasynda “Goşa depe”, “Röwşen”, “Türkmen ýaýlasy”, “Ak saraý”, “Tumar”, “Bir ataly” hususy kärhanalarynyň gurmagynda 7 gatly, 42 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 22-siniň, “Kämil ymarat”, “Altyn tug”, “Älem ýyldyzlary”, “Ussat inžener”, “Gujurly binagär”, “Garadaşly gurluşyk”, “Bagtyýar döwür”, “Depginli ösüş”, “Aga gurluşyk”, “Weli gurluşyk”, “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanalarynyň, “Sähet gurluşyk”, “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan gurluşyk işleriniň netijesinde 9 gatly, 54 öýli ähli amatlyklary üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 24-siniň gurluşygy güýçli depginler bilen dowam edýär. Ahal welaýatynyň Gorjaw geňeşliginde gurulýan täze, döwrebap edara ediş merkezinde edara-kärhanalaryň gurluşygy hem alnyp barylýar. Ýagny, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasy esasynda , “Nur bina gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýerine ýetirmeginde welaýat boýunça gurluşyk, energetika, we jemagat toplumynyň edara ediş binasy, banklaryň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň edara ediş binalary, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda, “Goňur baş” hususy kärhanasynyň gurmagynda welaýat boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasy, Türkmenistanyň Senagat we komunikasiýa ministrliginiň buýurmasy esasynda welaýat boýunça Senagat we komunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça Alyjylar birleşmesiniň Abatlaýyş gurluşyk bölüminiň amala aşyrmagynda welaýat boýunça Söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara jaýynyň gurluşyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Maksatnama laýyklykda birinji tapgyrda amala aşyrylmagy meýilleşdrilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlamaklyk göz öňünde tutulýar. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 23-ne çenli döwürde 19 sany 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, 24 sany 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, 16 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň – jemi 59 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk gurnama işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.