«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän taryhy depe. Ol Tejen şäherinden 10 km. Günorta Günbatarda ýerleşýär. 1955-1962-nji ýyllarda W. M. Massonyň ýolbaşçylygynda GTAKE-niň XIV topary tarapyndan Aşaky Tejen ýaýlasynda ugurlaýyn barlag işleri geçirlen döwründe aýan edilen “Köne Sarahs” taryhy – medeniýet döwlet goraghanasy döredilenden soň, bu ýadygärlikler goraghananyň sanawyna girizildi. 2005-nji ýylda “Köne Sarahs” döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleri T. Artykow, M. Kemjaýew we S. Bäşimow tarapyndan barlanyldy we çyzga geçirildi. Ýadygärlik VIII – XII asyrlara degişli bolup, Ýadygärlik b. e. öň VI – IV asyrlara degişli bolup, birnäçe uly patriarhal maşgalalaryň jaýlaryndan durýan oturumly oba.