Hormatly Prezidentimiziñ öňden görjülikli döwlet syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumy adamzat ösüşinde wajyp orny eýeleýän ruhy-medeni gymmatlyklarymyz bolan kämil taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerimizi geljek nesillerimiz üçin aýawly saklamaga gönükdirilen nusgalyk işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän taryhy depe. Ol Tejen – Aşgabat gara ýolundan 5 km. Demitgazykda ýerleşýär. 1955-1962-nji ýyllarda W. M. Massonyň ýolbaşçylygynda GTAKE-niň XIV topary tarapyndan Aşaky Tejen ýaýlasynda ugurlaýyn gözleg geçirlen döwründe aýan edilen ýadygärlik. “Köne Sarahs” taryhy – medeniýet döwlet goraghanasy döredilenden (1991) soň, bu ýadygärlik goraghananyň sanawyna girizildi. 2005-nji ýylda “Köne Sarahs” döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleri T. Artykow, M. Kemjaýew we S. Bäşimow tarapyndan barlanyldy we çyzga geçirildi. Ýadygärlik VIII – XII asyrlara degişli bolup, orta asyr iri begzadanyň berkidilen köşgi bolmaly.