«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek babatynda Hormatly Prezidentimiziň gol çeken karary esasynda, 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda geçiriljek bu iri ýaryş, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we olimpiýa hereketini ösdürme, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek şeýle-hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen geçiriljek bu ýaryş 2021-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolar. Bu möhüm wakanyň gatnaşyjy türgenlerinden biri bolup çykyş etmek we Ýaşyl tugumyzy parlatmak üçin Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Tejen etrabynyň sport mekdebiniň sportuň welosport boýunça tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň welosport ýygyndy toparynyň agzasy Gylyçdurdyýewa Jennet hem uly depiginde taýýarlyk işlerini dowam etdirýär.