«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ilat arasynda Sarahs baba diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp bina ХII asyrda sarahsly ussalar tarapyndan Abul Fazl Hasanyň guburynyň üstüne galdyrylan kümmetidir. Aramgäh 1830-njy ýylda Buhara tarap geçip giden iňlis syýahatçysy A. Bernsiň ünsüni çekip, Abul Fazl Guzuň guburüsti daşynyň arapça ýazgysyny okapdyr. Abul Fazlyň (Sarahs baba) kümmetiniň suratyny ilkinji gezek 1894-nji ýylda professor W. A. Žukowskiý çap edipdir, onuň belli musulman ruhanysy Abul Fazla degişlidigini ynandyryjylykly subut edipdir.